Belent binalaryň şuglasy

1 Dekabr 2021
1259

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan günleri türkmen taryhyny altyn harplar bilen bezän möhüm wakalar çuň many-mazmuna eýedigi bilen aýratyn tapawutlandy. 26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat «Aşgabat» diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Taslamasy «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylan täze desganyň eýeleýän meýdany, şol sanda onuň abadanlaşdyrylan çäkleri 8 gektara barabardyr. Bu ýerde 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi, 6 gatly işewürlik merkezi hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly zal bar. Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezler, kafe, inženerçilik desgalary, çüwdürim, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba, şeýle hem seýilgäh zolagy girýär.

Söwda merkeziniň 65 müň inedördül metrden gowrak çäginde dürli dükanlaryň 240-dan gowragy, supermarket, bedenterbiýe hem-de medeni-sagaldyş toplumy, kafe we fud-kortlar, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, buzly meýdança, dynç alyş we attraksionlar bölümi bilýard, bouling-zal, kinoteatr, ýerleşdirildi.

«Diýar».