Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diňe bir ýurdumyzyň ösüş-özgerişlere däl, eýsem-de bolsa toý-baýramlara beslenýän zamanasy bolup göwünleri gülledýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilip geçilýän toý-baýramlaryň we şanly wakalaryň mysalynda hem bu hakykat aýdyň şöhlelenýär. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda uludan toýlanan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bütin dünýä ýaň salan şanly wakalary özünde jemledi. Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaby Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň astyndan çykan bu kitabynyň ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şöhratly taryhynyň ýylýazgysydygyny bellemek buýsandyryjydyr.
Milli Liderimiziň: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda güýçli depginlerde sazlaşykly ösüşler gazanylýar» diýip, jaýdar nygtaýşy ýaly, beýik Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 30 ýylynyň içinde bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde Arkadagyň ajap eýýamynyň belent maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçýär. Täze taryhy döwrüň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär.