Mer­te­be-buý­sanç, edep mek­de­bi

30 Noýabr 2021
1124

Berkararlygymyzyň hem bagtyýarlygymyzyň gözbaşy bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm wakalary täze türkmen taryhyny altyn harplar bilen bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly: «Halkymyzyň jebisligi we döredijilikli kuwwaty Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasydyr». Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, eýelenýän belent sepgitler merdana halkymyzyň syýasy-ykdysady we medeni-ruhy taýdan kämil ösüşleri gazanýandygyna güwä geçip, göwün guşuňy ganatlandyrýar.

Türkmeniň gojaman taryhy «Garryly öý — hazyna» diýen peder pähimini biziň şu günlerimize ýetiripdir. Bu pähim ýaşulularyň durmuşdaky ornunyň, olaryň öwüt-ündewleriniň, külterlän ömür ýolunyň hemmetaraplaýyn sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde hem kämilleşdirmekde ähmiýetiniň neneňsi derejede uludygynyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň:«Ýaşulusy bolmadygyň, ýaşkiçisi bolmaz», «Garry — öýüň sütüni» diýen pähimleri döreden halkymyz ýaşululary mertebe-buýsanç, edep mekdebi, paýhasdan doly janly kitap hökmünde görýär» diýip belleýşi ýaly, dilleri senaly, parasatly gojalarymyzyň wagyz-nesihatlarynyň, öwüt-ündewleriniň, ylaýta-da, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini geçirmekde gyzylyň gyryndysy ýaly gymmaty bimöçberdir. Çünki ýaş nesli sagdyn sowatlylyk, kämil ahlaklylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde halkymyz hemişe ýaşululara bil baglaýar. Hormatly Prezidentimiz haýsy hem bolsa, bir tutumly işiň başyny başlajak ýa-da taýýar binalary, önümçilik kärhanalary işe girizjek bolanda, ilkiba ýaşulular bilen geňeşip, olaryň ak patasyny alýar. Her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýurdumyzda döwlet derejesinde Ýaşulularyň halkara gününiň dabaraly bellenilip geçilmegi milli däp-dessurlarymyza hormat goýlup, ýaşuly neslimiziň mertebesiniň, abraýynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belende göterilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşuly nesliň wekillerine goýýan sylag-hormaty biziň her birimiz üçin nusgadyr.

Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.