«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Diýarymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler örän möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, häzirki zaman halkara ulag geçelgeleriniň kemala gelmegi babatda ägirt uly serişdeler goýberilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýlaryny emele getirýär hem-de özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmaga şert döredýär. Amala aşyrylýan bu çäreler ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyny, sebit ähmiýetli ýük gatnawlarynyň utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkeziň döredilmegini şertlendirýär. Türkmenistan geljegi uly ähli ugurlar boýunça halkara ulag geçelgelerini döretmegi işjeňleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyz tarapyndan gurulýan ýollar parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we hyzmatdaşlygyň esaslary bolup çykyş edýär.
Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerine doly laýyk gelýär. Goňşy döwletler hem bir sebitiň çäklerine degişli özara baglanyşykly ulag ýollarynyň gurulmagyna, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýärler. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Bu babatda milli Liderimiziň tagallasy bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Bu Düzgünnama ýurtda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmek, şeýle hem «Awtomobil ulagy hakyndaky», «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakyndaky» we «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulanmagy bilen, raýatlara degişli bolan awtoulaglaryň sanynyň artmagy ýokary howpsuzlygy üpjün etmek meselesini ýüze çykarýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy ugrunda amala aşyrylýan işler ýol hereketiniň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklarydyr kanuny bähbitlerini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.