Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy halkymyzyň, agzybirlik, bitewilik ýörelgesini ölmez-ýitmez şygyrlary arkaly bütin ömründe watandaşlaryna wagyz eden akyldardyr. Bir supranyň daşyna jem bolan türkmen ilini görmek, erkana türkmen binasynyň — berkarar türkmen döwletiniň ýaşaýjysy bolmak beýik Pyragynyň ömürboýy eden arzuwydygyna: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen ajaýyp setirleri hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz parasatlylyk bilen: «Ynsan kalbyna ýagşylyk şuglasyny çaýýan Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy biziň jemgyýetimizde häzir has rowaç alýar, türkmeniň akyldar ogluna belent sylag-sarpasyny artdyrýar. Türkmen topragynyň hakyky watançysy, joşgunly waspçysy Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jemgyýetimiziň ruhy kämilligine, ahlak sagdynlygyna hyzmat edýär, halkymyzyň watansöýüjiligini, erkinligini, bitewiligini, agzybirligini, ýokary adamkärçilik sypatlaryny wasp edýän belent aýdym bolup ýaňlanýar» diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly belleniler.
Milli senenamamyzda 27-nji iýunyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hökmünde orun almagy örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi türkmen kalbynyň baýramy bolup jümle-jahana ýaň saldy. Şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belentdigini hem bütin aýdyňlygy bilen äşgär etdi.