Uzak ýaşly, mähir-muhabbetiň, päkligiň hem ýagşylygyň janly nusgasyny ýüzüňize sylaýyn diýseňiz, gadymy Maru-şahu jahan topragynyň gözel tebigatly Murgap derýasyny etekläp oturan Şordepe obasyna myhman bolup geliň! Elbetde, dünýäde uzak ýaşly ynsanlar ähli adamlaryň ünsüni özünde egleýär. Şeýlekin ynsan biziň obamyzda-da bar. Ol hakda hemmeleriň bilmegini isläp, gojaman saýaly belent daragta meňzäp, bagtyýar maşgalanyň buýsanjy bolup oturan Küti ene bilen didarlaşmagy, söhbetdeş bolmagy müwessa bildim.
Men Küti enäniň oturýan jaýyna baryp: