Durnalar — güýzüň görki

7 Noýabr 2021
3749

Gör, indi näçe gezekler obamyzyň çagalary bolup, durnalar bilen hoşlaşyp, olaryň sag-aman gyşlap, ýene ýazda dolanyp gelmegini arzuw edipdik. Tebigatyň hasap guşy bolan durnalar gitmäge taýýarlanyp ugran bolsalar, diýmek gyşyň gapymyzy kakjak günleriniň daşda däldiginden habar berýärdi. Durnalar şahyrlaryň döredijilik dünýäsinde hem mynasyp orun alypdyr.

Durnalar topar bolup ýaşaýarlar. Her toparyň hem öz toparbaşysy bolup, ol baryljak ýere belet bolýar. Olar uzak ýola uçanlarynda, toparyň başyny ýaş durna çekýär. Sarygamyş kölünde mekan tutan durnalar alty aý ýaşap, güýz golaýlanda şol ýerde kemala gelen ýaş durnalary, ýola şaýlanmazdan öň, uzak ýola taýýarlap ugraýarlar. Uly ýaşly durnalar 6 aýlyk ýaş durnalary her günde az-azdan, ilki pessaý uçup, ýakyn aralyga uçmaga türgenleşdirýärler.

Öwezdurdy HOJATOW,
Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.