Ispaniýada restoranlar, kafeler we jemgyýetçilik iýmit kärhanalary üçin täze bir kanun taslamasy taýýarlanýar. Şoňa laýyklykda, bu ýerlerde iýilmedik nahary müşderileriň ýany bilen alyp gitmegini teklip etmek hökmany talap bolar. Müşderiler ýanlary bilen alyp gitjek tagamlary üçin gap getirmeli bolarlar. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary täze düzgünnamany görünýän ýerde bildiriş hökmünde asyp goýmaga ýa-da tagamnamada görkezmäge borçly edilýär. Bu düzgünnamanyň Ispaniýada azyk galyndylarynyň öňüni almaga mümkinçilik berjekdigi mälim edildi. Bu ugurda Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hem degişli öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Meselem, Italiýanyň paýtagty Rimiň häkimligi tagam galyndylaryny zyňmagy azaldan halatynda jemgyýetçilik iýmit merkezleriniň salgytlaryny azaltmagy wada berdi. Olar bu düzgüni berjaý eden halatynda 25 göterim az salgyt tölärler.
Muhammetnazar ÇARYÝEW,