Taryhy galalardan söz açsak

3 Noýabr 2021
2880

Şan-şöhraty ýetik türkmen topragy taryhyň müňbir syryny özünde jemläp oturan gadymy binalara hem örän baýdyr. Eger-de geçmişe togap edip, zyýarata aýlanmak isleseň, onda ýurdumyzyň her welaýatynda, her etrabynda baryp, maňlaýyny dirär ýaly keramatly ýerleriň birnäçesiniň bardygyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň taryhyny sarpalamakda, ony has-da belende galdyrmakda alyp barýan nusgalyk işlerinde hem şol gadymy galalar uly orun tutýar. Bize munuň şeýledigini mähriban Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän, iki kitapdan ybarat «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserini okanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Biziň size hödürleýän şu maglumatlarymyz hem şol gadymy galalaryň beýik we syrly geçmişinden söz açýar...

Astanababa galasyna ýerli ilat «Übeýdäniň we Zübeýdäniň galasy» hem diýýärler. Ol Kerki şäherinden 12 km demirgazykda, häzirki Astanababa obasynda ýerleşýär. Aýtmaklaryna görä, geçen zamanlarda bu ýere ibn Aly Nuraly häkimlik edipdir. Ol tutuş Balha patyşalyk edipdir. Onuň Gyzlarbibi atly ýekeje gyzy bolupdyr we ol gyzyny Kerki — Lebap aralygyndaky halka hökümdarlyk eden adama durmuşa çykarýar. Emma patyşanyň gyzy durmuşa çykanyna köp wagt geçmänkä aradan çykýar. Kakasy onuň mazaryna gümmez galdyrmak üçin Merwden, Samarkantdan belli ussalary çagyrýar. Gümmez üç gezek salnyp, üç gezek ýykylýar. Ahyry patyşanyň düýşüne perişdeleriň biri girip: «Sen şu gümmeziň gumuny we suwuny Mekgeden getirdip gurdur» diýýär. Şeýdip bina bolan gümmez «Astanababa» adyny alýar. Onuň gurluş usuly ХII-ХI asyrlara mahsus binagärlik sungatyna degişli hasaplanylýar.

Azat GYLYJOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň diller kafedrasynyň mugallymy.