Türkmenistan — bagy-bossan

27 Oktýabr 2021
1830

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNA MYNASYP GOŞANT

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerilip, her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallary ekilýär. Däbe öwrülen bu asylly ýörelge şanly toýlaryň, beýik taryhyň ýyl ýazgylary bilen baglanyşdyrylyp, täze röwüşde dowam etdirilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl paýtagtymyzda we welaýatlarda 25 million düýp bag nahaly oturdylan bolsa, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda uludan toýlanan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hormatyna 30 million düýp nahal oturtmak göz öňünde tutuldy. Ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleriniň her ýyl uly toý ruhuna beslenip geçirilmegi bu işleriň giň gerime eýe bolmagyna ýardam edýär. Beýik ösüşlere we belent sepgitlere beslenýän bu ýylda ýazky bag ekmek möwsüminde miweli, saýaly, pürli baglaryň 15 milliondan gowrak düýbi ekildi.

Baýramsoltan GELDIÝEWA,
talyp.