Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçilikleri

22 Oktýabr 2021
1893

Türkmenistanda energetika toplumyny ösdürmegi çaltlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ol energetika garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, energetikanyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin degişli ugra ylmyň gazananlaryna esaslanýan täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek babatda möhüm işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösüşi göz öňünde tutulýar. Pudaklaryň ösmegi energiýanyň öndürilişiniň artdyrylmagyny talap edýär. Energetikanyň ösmegi halk hojalygynyň hemme pudaklarynyň gurluşyna we düzümine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ösüş derejesine uly täsir edýär. Energiýanyň sarp edilişiniň ýokary depginde ösmegi daşky gurşawa hem täsirini ýetirýär. Daşky gurşawa adam işjeňliginiň oňaýsyz täsirini azaltmak üçin bolsa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri peýdalanylýar.

Hajybaý ANNAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.