Dünýäniň gözel seýilgähleri

20 Sentýabr 2021
3002

Halkymyzyň guwanjy

Gözel paýtagtymyzyň görküne has görk goşýan seýilgähleriň biri hem «Laçyn» seýilgähidir. Ol 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda, Halkara howa menziliniň golaýynda guruldy. Onuň uzynlygy 320 metre we ini 310 metre deň bolup, umumy tutýan meýdany 10 gektara golaýdyr. Seýilgähde taryhyň dürli döwürlerinde ýaşap geçen akyldarlarymyzyň, ýazyjydyr şahyrlarymyzyň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi halkymyzyň ruhy baýlyga goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Seýilgähiň merkezinde uly suw çüwdürimi bolup, onuň ýanynda trapersiýa görnüşinde 8 sany suw çüwdürimleri bar. Şeýle hem, seýilgähde birnäçe saýaly we pürli baglar, güller bar. Baglary suwarmaklyk damjalaýyn görnüşinde alnyp barylýar. Seýilgähiň 4 gektar meýdançasy gezelenç ýerleri bolup, ýanýodalardyr ýollar türkmen milli nagyşlary bilen bezelen granit daşy bilen örtülendir. Gahryman Arkadagymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna sowgat beren bu seýilgähi, «Ussat-inžener» hususy kärhanasy we Jemagat hojalygy müdirliginiň «UPTK» kärhanasy tarapyndan guruldy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Amantuwak REJEPBAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.