«Allo» sözüniň gelip çykyşy

20 Sentýabr 2021
2669

Biz her gün telefonda birnäçe gezek «Allo» sözüni ulanýarys. Hakykatda bolsa, bu söz bir gyzyň gysgaldylan adydyr. Gyzyň doly ady Allessandra Lolita Oswaldodyr. Ol telefony oýlap tapan A.Graham Belliň söýgülisidir. Graham Bell telefony oýlap tapandan soň ony ilki bilen söýgülisiniň öýüne çekipdir. Iş ýerinde telefon jyrlanda jaň edýäniň Allessandra Lolita Oswaldodan başga adam bolmajagyny bilýändigi üçin Graham Bell her gezek «Allessandra Lolita Oswaldo» diýýär eken. Bell eslije wagt geçenden soň söýýän gyzynyň adyny gysgaldyp jogap bermäne başlapdyr we jaň gelende «Ale Lolos» diýip başlapdyr. Soň-soňlar ol söýgülisiniň adyny has-da gysgaltmaly bolupdyr. Bu gysga at «Allo» bolupdyr. Allessandra Lolita Oswaldo Graham Belliň bütin şähere telefony çekjek bolup özüne üns bermeýäni üçin birahat bolup başlapdyr we ony terk edipdir. Bell söýgülisiniň haçanam bolsa ýene özüne jaň eder umydy bilen telefonyň ýanyndan aýrylmandyr. Soň-soňlar şäherde telefon ulanýan müşderileriň sany köpelip başlapdyrlar. Graham Belle başga adamlaram jaň edip başlapdyrlar. Ol her gezek gelýän jaňa jogap berende, söýgülisidir diýen umyt bilen «Allo» diýip alýan eken. Ine, şondan soň telefon ussalarynyň köpüsi jaň gelende Aleksandr Graham Belliň hormaty üçin «Allo» diýip başlapdyrlar. Bu gün hemmämiziň ulanýan «Allo» sözümiz şeýle taryh bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Taýýarlan Gurban JUMAÝEW,
talyp.