Zenan edebinden belli
Mamam maňa örän köp zatlary öwretdi. Özi gönümelden sypaýy, mähremligi bilen zenanlara görelde bolansoň, durmuşda zenan bilen baglanyşykly her hili ýagdaýlara gabat gelýärdi. Ol, köplenç, ýanynda bolamsoň, meniň hem aladamy ederdi. Mamamyň gulagyma guýşy ýaly, haýsy hojalyk bolsa bolsun, daşyndan synlanyňda eýýäm, şol öýdäki zenanyň nähili maşgaladygyna baha berip bolýar. Türkmen halky örän synçy halk. Ir döwürlerde bir ýerik myhmançylyga barlanda, ilki bilen, öý bikesiniň ýa-da bolmasa, maşgalada ýetişen gyzyň girim-çykymyna, arassaçylygyna, terbiýesine, iş edişine syn eder ekenler. Esasan--da, durmuşda türkmen zenanynyň edepli, asylly, arassa ahlakly bolmagy zerur hasap edilipdir.