Sanly marketing ulgamy

25 Awgust 2021
2520

Bazar ykdysadyýetini ugur alyp ösýän döwletlerde marketinge dolandyryşyň esasy ýerine ýetirijisi hökmünde seredilýär. Häzirki döwürde marketing kärhananyň ýokary peýda almak maksady bilen, alyjylaryň takyk talaplarynyň we bazaryň toplumlaýyn öwrenilmeginiň esasynda önümi işläp düzmegi, öndürmegi gurnaýan ulgamdyr. Marketing ulgamyny sanlylaşdyrmak, bir bitewi sanly marketing ulgamynyň döredilmegi bazar ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm bolup durýar. Sanly marketing ulgamyny dolandyryşa girizmegiň işewür iňlis dilinde alnyp barylmagy zerur bolup durýar. Şonuň üçin hem kärhanalary dolandyrmagyň toplumlaýyn marketing strategiýasyny döwrebap guramakda işewür iňlis diliniň orny we ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsdeşlik ukybynyň gün-günden artmagy, olara bolan islegiň içerki hem-de daşarky bazarlarda has-da köpelmegi, bazar gatnaşyklary şertinde önümleri öndürýän, dürli hyzmatlary ýerine ýetirýän we beýleki kärhanalarda sanly marketing gullugynyň ýola goýulmagy, ony işewür iňlis dili bilen utgaşdyrmak, kärhananyň marketing strategiýasyny düzmek we amal etmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Işewürlik iňlis dili arkaly kärhanalaryň marketing strategiýasynyň düzülmegi önjeýliligi we netijeliligi artdyrýar, maliýe ýagdaýyny gowulandyrýar, bazaryň ösmegine we öňe gitmegine getirýär. Çünki işewürlik iňlis dili islendik kärhananyň marketing strategiýasynyň girdeji almakda, milli we halkara bazarlarda reýtingini saklamakda hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýär.

Dilber MUDAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.