Öýüň görki, toýuň bezegi

13 Awgust 2021
1890

Ýurdumyzda zenanlara belent sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň buýsanjyna, mukaddes ojaklarymyza deňelýär. Milli ýörelgelerimizde zenan mertebesi, hormaty hemişe ýokarydyr. Dana pederlerimiziň döreden «Zenan — mähek daşy» diýen parasatly jümlesiniň özeninde bolsa türkmen zenanynyň edebi, mertebesi bardyr.

Halkymyzda öýleriň bezegi hasaplanylýan zenanlar hakynda köp pähimler döredilipdir. «Zenan» sözüniň maşgala baradaky düşünje bilen tirkeşdirilip ulanylmagy bolsa, türkmenlerde zenana goýulýan sarpanyň juda uludygyny görkezýär. Ata-babalarymyz hem zenanyň öýi öý edýän esasy ynsandygyny, onuň nesil dowamatynyň kämilliginiň gözbaşynda durýandygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserlerinde hem zenanlar, olaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki orny barada giňişleýin durlup geçilýär. Biz hem geçirýän duşuşyklarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndaky pähim-paýhasly pikirleri wagyz-nesihat edýäris.

Dinara ROZYBAÝEWA,
Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň hünärmeni.