Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň bilim-terbiýeli, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça köp işler edilýär. Häzirki döwürde sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagy zerur. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin bilim işgärleriniň hünär taýýarlygy kämilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan her ýylyň 1-nji sentýabrynda 1-nji synpa okuwa gelýän körpelerimize kompýuterleriň sowgat berilmegi hem ýaş nesillerimiziň kompýuter serişdelerinden peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek wezipesini durmuşa geçirmek boýunça mekdebimizde dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly gollanmalar, wideo-audio materiallar, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredildi. Elektron gündelikler, elektron žurnallaryň gorlary, ýagny, portal saýtynyň gorlary döredildi. Mugallymlar okuwçylaryň bilimlerini fizika, informatika, himiýa, biologiýa derslerinden elektron testler arkaly barlaýarlar. Bu bolsa «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» talaplaryna laýyk gelýär. Konsepsiýadan ugur alyp, mekdebimiziň mugallymlary bilimli, döredijilikli, inženerçilik ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy boýunça geçirilen bäsleşikde okuwçymyz Omarbeg Ismailowyň «Emeli intellektual hyzmatçy ulgamyň taslamasyny» döredip, I orna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Taslamanyň esasy ähmiýeti ýurdumyzyň ähli künjeginde we Merkezi Aziýanyň merjen şäheri bolan ak şäherimiz Aşgabatda gurlup ulanmaga berilýän öýleri awtomatik usulda dolandyrmak, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň ählitaraplaýyn howpsuzlygyny üpjün etmekden ybarat. Muňa mekdebimiziň ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetine kiçijik goşandy diýip düşünýäris.