Döwrüň hereketlendiriji güýji

2 Awgust 2021
1879

Soňky ýyllarda ýurdymyzyň ykdysadyýetinde döwlete dahylly däl pudaklaryň tutýan orny barha berkeýär. Türkmenistanly telekeçiler çylşyrymly önümçiligi özleşdirýärler we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermeginiň netijesinde hususyýetçileriň işleri ýylsaýyn ilerleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi barada maddanyň girizilmegi bu ugruň ösdürilmegine uly itergi beren bolsa, «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hususyýetçiligi dolandyrmagyň hukuk esaslaryny goýdy. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem-de onuň güýje girizilmegi bolsa telekeçilik işiniň çygryny giňeltmäge mümkinçilikleri has-da artdyrdy.

Telekeçiligiň ösdürilmegini Garaşsyzlyk ýyllarynyň esasy aýratynlyklarynyň biri diýip aýtmaga doly esas bar. Ýurdumyzda amala aşyrylan we dowam etdirilýän gurluşyklaryň köpüsinde hususy pudagyň mynasyp paýy bar. Olar senagat, gurluşyk önümlerini, ilatyň sarp edýän harytlaryny öndürmäge hem saldamly goşant goşýarlar. Içerki bazarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde, daşary ýurtlardan getirilýänleriň ornuny tutýan harytlary öndürmekde hem işjeňlik görkezýärler. Bu asylly işlere biziň hususy kärhanamyzyň hünärmenleriniň hem goşant goşýandygy diýseň guwandyryjy. Biziň öndürýän demir-beton önümlerimiz dürli gurluşyklarda peýdalanylýar. Önümçilik bilen 2012-nji ýyldan bäri meşgullanyp gelýäris.

Farhat URAÝEW,
«Kemally kesp» hususy kärhanasynyň direktory.