Maksadymyz – ýokary hilli önümleri öndürmek

27 Iýul 2021
2644

Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi döwrebap derejede ösdürmek, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda hususy işewürligiň paýyny artdyrmak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek baradaky sargytlaryndan ugur alnyp, türkmen telekeçileri tarapyndan uly işler durmuşa geçirilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Ýelken» hususy kärhanasy 2016-njy ýyldan bäri oba hojalyk önümleri üçin dürli göwrümdäki polipropilen haltalaryň we sement daşamak üçin haltalaryň önümçiligini alyp barýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarydyr enjamlary omaşdyrylan kärhanada önümler arassaçylyk-gigiýena babatda ýörite barlaghana synaglaryndan geçirilip, degişli güwänamalar bilen üpjün edilýär. Telekeçi Şamuhammet Mollagylyjow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän kärhanada esasy çig mal hökmün-de halkara bazarda «Türkmenplen» ady bilen giňden tanalýan ýerli polipropilen ulanylýar.

Täzegül Kuljikowa
«RYSGAL» gazeti