Döwrebap dokma önümleri

25 Iýul 2021
1990

Toplum jins matasyndan jana ýakymly, pasla görä zenan we erkek adamlaryň, çagalaryň egin-eşiklerini taýýarlap, alyjylara hödürleýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary hilli jins önümlerine halk köpçüligi tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Tutýan meýdany 21,5 gektar bolan Türkmenbaşy jins toplumynyň işi üç sany uly — ýüplük egriji, boýag-dokma, tikinçilik fabriklerinde alnyp barylýar. Bu ýerde işgärleriň üç müňe golaýy üç çalşyk boýunça zähmet çekýär. Toplumyň esasy çig maly bolsa ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ak pagtadyr. Bu ýerdäki dürli görnüşli egin-eşikleri öndürmek üçin bir ýylyň dowamynda ak pagtanyň 10 müň tonnasy sarp edilýär.

Şähribossan ÖWEZOWA.