Dury gözli durnalaryň döwresi

21 Iýul 2021
2829

Gumly gojalaryň: «Türkmeniň çöl gezen jandarlary Hydyr görendir” diýäýmesi bar. Men bu sözüň manysyna çölde bolan täsin wakadan soň göz ýetirdim.

1979-njy ýylyň ýazynda Garagumdaky Kömürçiniň ýaýlasyndan Düýeçiniň guýusyna her iki günden inerli süýji suwa gatnaýan çolukdym. Iner bilen ýanaşyk, pyýada ýöräp çöli synlap gelýärdim. Çöli baharda göräýseň. Ýaşyl ýapynan ýaýlalar gyzyl-sary, ak-gök gülden täsin nagşa bezelip, howasy atyr dökülen ýaly kükeýärdi. Birden iner sakga durup, bir ýerlerik nazaryny dikip «Pyr-pyr” edip seslendi. Düýäniň seredýän tarapyna seredip, begençden ýaňa demim tutuldy. Taýagatym ýerdäki lälezarlykda durnalar däli-porhan bolup oýnaşyp ýördi. Bagtym çüwenine begenip, düýä bukulyp, synlap başladym. Durnalar käte halka gurap, käte taý-taý bolup biri-biriniň daşyndan pyrlanyp, ilki çüňküni ýere urup, guýrugyny ýaýradyp, sallanyp ýere degýän ganatlaryny aýagy bilen basyp-aýryp, soň boýnuny dim-dik edip, çüňküni asmana tutup, täsin owaz çykarýardy. Ganatlaryny köweldip, aýaklaryny taýly gezek ýere urup, ýapyrlybrak bir tans edýärdiler welin, hoşuň gelsin.