Beýik döwrüň joşguny

20 Iýul 2021
2652

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Gökdere jülgesi çagalaryň söýgüli mekanyna öwrüldi. Bu gözel künjekdäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň oňaýly dynç almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde dag jülgesindäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalar özleriniň saglygyny berkidip, wagtyny şadyýan geçirýärler. Bu ýerdäki «Demirýolçy» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi hem çagalara özüniň gujagyny giňden açýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary bolan biz — bagtyýar ýaşlar şu günler özümiziň okuw-terbiýeçilik tejribeligimizi gürrüňi edilýän merkezde geçýändigimiz hem-de bu gözel künjekde dynç alýan çagalaryň arasynda gyzykly çäreleri guraýandygymyz üçin juda begenýäris. Bu çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde okuw-terbiýeçilik tejribeligini geçmegimiz bize nazaryýetde alan bilimlerimizi tejribede has-da kämilleşdirmäge uly ýardam edýär.

Merjen PERDEÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.