Dünýäniň meşhur köprüleri

19 Iýul 2021
2804

Täsin desga

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlup ulanylmaga berlen Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri 2017-nji ýylyň martynda hormatly Prezidentimiziň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Awtomobil köprüsiniň uzynlygy 1600 metre, dört zolakly hereket ediş böleginiň ini 21,5 metre barabar bolup, demir ýol köprüsiniň uzynlygy 1750 metre, ini 5,8 metre deňdir. Köprüleriň gurluşy boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelip, tehniki we ulanyş howpsuzlygy babatda zerur enjamlar bilen üpjün edilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu köprüler Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Amantuwak REJEPBAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.