Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkyň beden we ruhy saglygyny goramak barada yzygiderli alada edilýär. Ilatyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryna laýyklykda zähmeti dynç alyş bilen utgaşdyrmak maksady bilen döwrebap şypahanalaryň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Raýatlaryň saglygyny dikeltmek, dynç alşyny guramak üçin ýurdumyzyň şypahanalaryna, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmegiň düzgünleri işlenilip düzüldi.