Eşretli ýaşaýşyň özeni

13 Iýun 2021
2068

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan halkymyzyň milli gymmatlyklary täze öwüşginde has-da dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bedew bady bilen ösmegi we halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda alyp barýan taryhy özgertmeleri eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljekki nesillerimiz üçin gorap saklamak milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyz bu möhüm ugurda halkara gatnaşyklara işjeň goşulyşmak bilen, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan häzire çenli daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa konwensiýalarynyň we halkara ylalaşyklarynyň onlarçasyny tassyklady.

Muhammeteziz ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.