Hyrydarly harytlar

11 Iýun 2021
2405

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, telekeçilik pudagy hem barha pajarlap ösýär. Ýurdumyzyň ak bazarlarynda ýokary hilli azyk hem-de senagat önümleri elýeter bahadan halkymyza ýetirilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, importuň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Öndürýän önümleri bilen indi ençeme ýyl bäri halkymyza hyzmat edip gelýän şeýle kärhanalaryň biri-de paýtagtymyzda ýerleşýän «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetidir. Dünýäniň iň soňky gazanan tilsimatlary bilen üpjün edilen kärhananyň öndürýän önümleri diňe bir köpdürlüligi bilen däl, eýsem, hil taýdan hem tapawutlanýar. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere, toýdur baýramlara özüniň zähmet sowgatlary bilen barýar. Bu kärhana mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Ýyly derýa» haryt nyşanly suw ýyladyjylary öndürip başlady. Täze önümiň ýylda 400 müňüsi taýýarlanylar. Germaniýa döwletinden gyzdyryjy gurallaryň, Russiýa Federasiýasyndan demir bölekleriniň getirilip, ýerli hünärmenler tarapyndan taýýarlanylýan suw ýyladyjylar ähli talaplara laýyk gelýär. Suw ýyladyjylaryň önümçiligi birnäçe bölümden ybarat bolup, örän seresaply işi talap edýär.

Mekan GELDINYÝAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.