Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak boýunça öňe sürýän ähli başlangyçlarynda we tekliplerinde adamzadyň ýaşaýşyny daş-töweregimizden aýry göz öňüne getirip bolmajakdygy baradaky esasy pikir örboýuna galýar. Ýaşyl öwüsýän daragtlar howanyň tämizligini, kislorod bilen baýlaşyp durmagyny, gysgaça aýdanyňda, ýaşaýşyň çeşmesini üpjün edýär. Adamzat — tebigatyň bir bölegi. Bu hakykat döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň özenini düzýär. Ine, şeýle syýasat bilen Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine, jümle-jahana öz garaýyşlaryny bildirýär.
Milli Liderimiz ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyna mydama üns çekip gelýär.