Bu ýyl biziň ýurdumyz üçin aýratyn ýyl. Şu ýyl biz hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny uly dabara bilen belläris. Bu sene tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy ähmiýete eýedir, sebäbi halkara gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Bitaraplygy barada BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda karar kabul edildi, ol 185 ýurduň wekilleri tarapyndan tassyklandy.
Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, döwletleriň arasynda özara peýdaly we dostlukly gatnaşyklara goşant goşup, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine berk eýerýär. BMG-niň Baş Assambleýasy 193 döwletiň goldawy bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň işjeň parahatçylygy goraýyş we konstruktiw missiýasyny ykrar edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň statusyny tassyklaýan Karary ikinji gezek kabul etdi. Şeýlelik bilen, halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan deň döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde kabul edilýär.