Berkararlygyň aýdyň ýoly bilen

25 Maý 2021
1372

Garaşsyzlyk

Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Garaşsyzlyk türkmen döwletini dünýä ýüzüne äşgär etdi. Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny Ýer togalagyndaky döwletler ykrar etdiler. Şunlukda, halkara gatnaşyklarynda täze eýýam başlandy. Garaşsyzlyk dünýäniň kartasynda özbaşdak Türkmenistan döwletiniň bardygyny äleme jar etdi. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda uly özgerişler başlandy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň taryhy geçmişini öwrenmäge, şu günki günde asylly zähmet çekmäge, ertirine ynam bilen nazar salmaga ýardam berýär.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory, hukuk ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär.