Sergä gatnaşyjylara söz berýäris

24 Maý 2021
2719

Säher Aşyrow,
«Täç hil» hususy kärhanasynyň eksport menejeri:

— Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dünýäniň iň ösen şäherleri bilen bäsleşýän Aşgabadyň ajaýyplygyny bu günki gün görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Kärhanamyzda öndürilýän önümler bilen şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän sergidir ýarmarkalara yzygiderli gatnaşýarys. Ynha, bu gün hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergä gatnaşýandygymyza örän şat. Sergide ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň alyp barýan işlerinden, türkmen telekeçileriniň ilata edýän hyzmatlaryndan habar berýän pawilýonlar ýerleşdirilipdir. Şeýle ajaýyp halkara sergileriň, ylmy-amaly maslahatlaryň paýtagtymyzda yzygiderli geçirilmeginiň özi hem, ýurdumyzyň, gözel Aşgabadyň beýik ösüşlerini doly äşgär edýär.

Çaryguly HANJAÝEW,
«Aşgabat».