Arassaçylygyň ak şäheri

24 Maý 2021
1808

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna uly üns berilýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçen şenbe güni geçirilen ählihalk ýowaryna ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. «Ekologiýa hakynda alada — ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň uzak hem bagtly ýaşamagyna gönükdirilen örän möhüm işleriň biri bolan ekologiýa we arassaçylyk işlerini üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanýar. Ýurdumyzda ekologiýa medeniýetini ösdürmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerýän mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar hem ählihalk ýowaryna işeňňir gatnaşyp, mähriban paýtagtymyzyň arassa ekologiýa gurşawynyň döredilmegine saldamly goşant goşdular.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň sagdyn hem bagtly ýaşaýşy ugrunda hemişe aladalanýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, mähriban paýtagtymyzyň ekologiýa gurşawy nusga alarlyk derejede barha ösýär. Bu asylly hem sogaply işlere geçen şenbe güni paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, edara-kärhanalaryň zähmet toparlary, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylary, talyp ýaşlar, şeýle hem ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet edaralarynyň wekilleri guramaçylykly gatnaşdylar.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».