— Okuwsyzam obaň öňünde öz perzentlik borjuňy ödäp bilersiň. Sebäbi sen daýhan gyzy. Topragy gürledip, onuň bereket gaznasyny açmagy sen başarmasaň, kim başarsyn?!
— Hmm! Daýhan gyzymyşym. Bereket gaznasyny açmak üçin diňe daýhançylyk ýeterlikmi näme?! Myrat, meniň gep çagaladyp durasym gelenok. Meniňem öz arzuwlarym bar-a. Nesibämde bolsa-ha, ýokary okuw mekdebini tamamlap, belli bir kesbiň-käriň eýesi bolmakçy. Belli bir işiň başyny tutmazdan owal ony ýagşy öwrenmeli.