Golf ezberligi we erkliligi talap edýär

24 Maý 2021
1394

Diýarymyzda bilime, sporta ýurduň ösüşiniň röwşen geljeginiň, jemgyýetiň ykdysady, medeni hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy ugurlaryny kesgitleýän ulgamlar hökmünde aýratyn ähmiýet berilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly baştutanlygynda bilim hem-de sport ulgamlarynyň dünýä derejesi bilen sazlaşýan we ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna daýanýan aýdyň ýörelgesi kemala geldi. Ata-babalarymyz şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen çagalar üçin köp sanly oýunlary oýlap tapypdyrlar. Dürli ýerlerde ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly adaty endiklerden başga-da, oýunlar çagalarda zehini hem-de ruhy-ahlak häsiýetleri, erk-islegi, maksada ýetmekde tutanýerliligi, üşükliligi döretmäge, toparyň düzüminde umumy dil tapmak hem-de sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilendir.

Halk oýunlary milletimiziň döreýşiniň şaýady bolup, onuň taryhy bäş müň ýyla barabar döwri öz içine alýar. Milli oýunlarymyzyň köpüsiniň sportuň häzirki görnüşleri bilen örän meňzeşdigini bellemek gerek. Mysal üçin, «çilik-hekgal» oýny häzir tutuş dünýäde meşhur bolan golf oýnuny, «çilik» — otuň üstündäki hokkeýi we beýleki oýunlary ýadyňa salýar. Gadymy döwürde olar çagalara taýaga erk etmegi öwredipdir, çünki taýak başarnykly ellerde gorag guralyna öwrülipdir. Türkmenleriň halk oýunlaryna, şol sanda «çilik-hekgalyň» döränine birnäçe müň ýyl bolandygyna garamazdan, golfyň resmi taýdan dörän senesini ol barada ilkinji ýazuw çeşmeleriniň esasynda hasaplamak bolar. Günbatar taryhçylary onuň dörän ýeriniň Şotlandiýadygyny çak edýärler. Şol sanda niderlandlar golfyň öz ýurtlarynda 1297-nji ýylda dörändigi baradaky maglumatlary öňe sürýärler. Hytaýly taryhçylar bolsa has-da aňyrky senäni agzaýarlar. Olar has ir döwürlerde öz ýurtlarynda «çuýwan» diýen oýnuň oýnalandygyny tassyklaýarlar. Onuň düzgünleri golfa örän meňzeş bolupdyr. Sportuň bu görnüşiniň nusgasynyň gadymyýetde ençeme ýurtlarda, şol sanda türkmenlerde-de bolandygyny bellemek gerek.Halk oýunlarynyň hem-de sport güýmenjeleriniň aýry-aýry görnüşleri häzirki günlerde resmi sport görnüşleriniň derejesine eýe boldy. Şolar boýunça milli hem-de halkara ýaryşlary, çempionatlar geçirilýär.

Sonajan TEKEMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.