Ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen iri çäre

14 Maý 2021
1749

Ekologik abadançylyk baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Şoňa görä, Aşgabat şäher häkimliginiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda, 10 — 25-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde möhüm ekologiýa çäresi — awtoulagsyz günler geçirilýär.

Bu çäräniň baş maksady döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden, tebigata aýawly çemeleşmekden, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekden ybaratdyr. Awtoulagsyz günlerde awtobuslar, döwrebap taksiler ilata hyzmat edýärler. Şol günlerde şäheriçi gatnaw ilat üçin amatly bolar ýaly, ildeşlerimiz ir sagat 700-dan 900-a çenli, öýlän sagat 1700-dan agşam 2100-a çenli şahsy awtoulaglaryny peýdalanyp bilerler.

Göwher GANDYMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.