Tamdyr çöregi

27 Aprel 2021
2671

Türkmen ojagynyň rysgaly, mukaddes nygmaty bolan bugdaý çöregi saçaklarymyzyň berekedidir. Türkmeniň mele-myssyk tamdyr çöregi özüniň datly tagamy, hoşamaý ysy bilen irki döwürlerden bäri halkymyzyň mukaddes suprasyna bereket goşup gelýär. Türkmen ojagyna myhman gelende, ilki bilen, oňa saçak ýazylyp, duz-çörek hödür edilýär. Maşgala binýadynyň ilkinji basgançaklarynda, gudaçylyk gatnaşygy açylanda hem öňi bilen çörekli saçak eltilýär. Täze jaýa göçülende hem duz-çörekli barylýar. Munuň özi çöregiň mukaddesligini görkezýär.

Halallygy hemra edinýän halkymyz päk zähmete ykbalyny baglap gelipdir. Ene-mamalarymyz çörek ýapjak tamdyrlaryny özleri ýasapdyrlar. Onuň düýbüni bolsa sähetli gün tutupdyrlar. «Petir çörek gordan gorkmaz» diýen pähime eýerilip, birkemsiz gyzdyrylan täze tamdyra, ilki bilen, petir çörek ýapylýar. Tamdyrda ilkinji bişen çörekler goňşy-golama paýlanylýar. Çörek bişirmek hem özboluşly sungat. Zenan maşgala çörek bişirjek bolanda, hamyr etjek ýerine, ilki bilen, kendirik ýazýar. Soňra näçe çörek bişirjek bolsa, şoňa laýyk un eleýär.

Aýperi ZYÝARADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.