Halkymyzyň gadyrlaýan gymmatlygy

21 Aprel 2021
3553

Türkmeniň adamzat taryhynyň gadymy döwürlerinden bäri maddy, ruhy gymmatlyklary döretmäge ukyply halklaryň hatarynda belent ornunyň bolandygyny ýaş nesliň aňyna ýetirmek, olarda ata-babalarymyzyň döredijilik ukyplaryny sarpalamak edebini kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan wezipeleriniň biri. Gurşawynda ýaşaýan medeni ösüşlerimiziň kemala gelmegine mynasyp goşandyny goşan pederlerimize buýsanç manyly ömür sürmäge, umumadamzat bähbitli işlere önjeýli goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ynha, il-ýurt ähmiýetli şeýle asylly işleriň durmuş hakykatyna, ýaşlarymyzyň ömür maksatlarynyň çelgisine öwrülmeginde eziz Arkadagymyzyň ylahy zehininden, il-halkynyň, mähriban Watanynyň, adamzat bähbitleriniň hatyrasyna çekýän ýadawsyz zähmetinden dünýä inýän kitaplarynyň ähmiýeti diýseň uly.

Okyjyny ylym, bilim, ahlak, adamkärçilik jähtinden belentliklere göterýän eserleriň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabydyr. Kitabyň aýratynlygy — Awtoryň ozal tebigatyň haýwanat dünýäsiniň bir ülşüni düzen it janawaryň, türkmeniň üşük-zehini netijesinde adamzat siwilizasiýasynyň kemala gelmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan alabaýyň adyna sena bolup ýaňlanmagynda.

Agamämmet ÝAZMYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.