Adamlaryň köpçüligini dürli-dürli atlandyrýarlar. Märeke, üýşmeleň, topar, mähelle, taýpa, millet, halk... Şular ýaly adalgalar sosiologiýada, psihologiýada we taryh ylmynda ýygy-ýygydan duşýar. Adamlaryň köpçüligi jemgyýetiň düzümini düzýär. Şol düzümiň sanyna, maksadyna, medeniýetine seredip, olary dürli toparlara bölmek mümkin. Adamlar köpçüliginiň içinde taýpa, halk, millet bölünişigi özüniň gelip çykyşy boýunça döwlet, jemgyýet bolmakdaky wajyp orny bilen tapawutlanýar. «Adamlaryň umumylygynyň taryhy kökleri» atly kitapda taýpanyň halka, halkyň millete öwrülmek hadysasy hakynda gürrüň berilýär. Bularyň bir-birine öwrülmek hadysasynyň umumy dil arkaly amala aşýandygy nygtalýar. Diýmek, adamlar köpçüliginiň soňky ösüş «millet» hökmünde kesgitlenmek bilen, ol dört alamat babatda:
ykdysady durmuşynyň umumylygy taýdan;