Ha­lal zäh­met­de hik­met bar

15 Aprel 2021
2808

Zähmet — ynsanyň mertebe terezisi. Oňa durkuň-düýrmegiň bilen berilseň, zähmet seni dilgir edenok, etsem-goýsamlaryňa, maksadyňa ýetirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde päk zähmete ykbalyny baglan ynsanlar işewürlik, telekeçilik diýlen mertebe menzillerine sary atarýan düşünjeler bilen ömrüni sazlaşdyryp, bitirýän ajaýyp işleri bilen milli ykdysadyýetimiziň ösmegine mynasyp goşandyny goşýarlar. Zähmetden haýyr tapyp adygan, hili ýokary önümleri bilen müşderileriň arasynda uly abraýdan peýdalanýan telekeçilik hojalyklaryň birem «Altyn hilal» hojalyk jemgyýetidir. Häzirki wagtda Gökdepe etrabynyň çäginde towuk fermasy bolup, onda 1 million 500-den gowrak broýler towuklaryny idedýän bäherdenli ýaş telekeçi Çary Çaryýew öz kakasynyň Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda esaslandyran «Atyn hilal» hojalyk jemgyýetiniň döwletli işini mynasyp dowam etdirýär. Bizem golaýda bu ýaş telekeçi bilen duşuşyp, hojalygyň alyp barýan işleri hakynda söhbet etdik.

— Çary, ýaşdygyňyza seretmezden, gaty jogapkärli wezipäni gerdeniňize alypsyňyz. Telekeçilik işiniň ugrugyp gitmegine birnäçe ýyllyk tejribe hökmany diýilýär welin, siz bu babatda nähili pikirde?

Dur­sun TE­KÄ­ÝE­WA,
žur­na­list.