So­wul­maz ýaz­ly ilim

15 Aprel 2021
2199

Tebigatyň her paslynyň özüne mahsus gözelligi bar. Taňrynyň nazary düşen Diýarymyz bahar aýlary has-da gözel görke gelýär. Sebäbi owadan bahar özi bilen bagtyýarlygyň giden bir dünýäsini alyp gelýär.

Baharyň gelmegi bilen Zemine ýyly girip, tebigat janlanýar. Töwerek-daş özgerýär. Bir tarapy jana derman bal suwly Jeýhun, beýleki bir tarapy goýny genji-hazynaly Hazar deňziniň arasyndaky jenneti mekanda ýaşaýarys. Bu mekanyň ilersinde arşyň-kürsüň merduwan sütüni Köpetdag seleňläp otyr, gaýrasynda gülýaka ýaly Günüň guşlap, epgegiň haşlap, ençe kerweniň düşläp geçen sährasy, ulgam-ulgam alaňdyr aklaňlaryň ojagy, Hydyr nazary düşen bereketli Garagum ýaýylyp ýatyr. Belent başly dag jülgelerinde käkilikler kah-kah urup, jerenler gatbar-gatbar dereleriň ýüzünde aga-ýana gezim edýärler. Müň dürli gül-gunçaly, ir-iýmişli baglary göreni özüne bendi edýär.Gözýetim bilen gujaklaşýan sähralarynda mallar agyp-dönýär, ekin meýdanlaryndan bal akýar. Türkmen ýurdunyň şeýle gözel tebigaty bardyr.

Gül­ja­han GO­ÇU­MO­WA,
«Di­ýar».