Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen oba hojalygynyň maldarçylyk pudagyny ylmy esasda döwrebap ösdürmäge, mallaryň baş sanyny artdyrmaga, daşary ýurtlardan ýokary önümli tohumlary getirip, toprak-howa şertlerimize uýgunlaşdyrmaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň welaýatlarynyň etraplarydyr obalarynda döwrebap maldarçylyk toplumlary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Bagtyýarlyk döwrümizde, oba hojalygyny kämilleşdirip ösdürmek babatynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren tekliplerinden ugur alnyp, maldarçylyk pudagyny hususylaşdyrmak işleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Mallardan alynýan et, süýt hem-de olaryň gaýtadan işlenen şöhlat, süýt önümleri her bir maşgalanyň gündelik durmuşynda mukaddes saçaklaryň rysgaldyr, bezegi. Ýurdumyzda şeýle ýokary gymmatly azyk önümleriniň bazar bolçulygyny döretmekde we dürli görnüşli azyk önümleri bilen üpjün etmekde maldarçylyga aýratyn orun degişlidir.
Maldarçylyk pudagynda ownuk şahly mallardan geçileriň idegi, olardan alynýan et, süýt önümleri ynsanyň gündelik durmuşynda zerur bolup, olar özüniň ýokumlylygy, berhizlik häsiýeti bilen aýratyn tapawutlanýar. Şeýle hem geçileriň sütükli çöpüri, onuň derisi dokma senagatynda gaýtadan işlemek üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär.