«Sanly innowasiýalar» bilen maglumatlar jemgyýetine ädilýän şowly ädimler ýaş alymlarymyzyň ylmy taslamalarynda aýdyň şöhlelenýär

14 Aprel 2021
1828

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, häzirki wagtda ýokary tehnologiýaly we bäsleşige ukyply programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanmagy möhüm bolup durýar. Bu döwrebap tehnologiýalar bilen işlemäge ukyply, özbaşdak pikirlenip, ony durmuşa geçirip bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak zerurlygyny ýüze çykarýar. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşik geçirilýär.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilýän bäsleşik öňňin öz işine başlady. Tematiki ugurlaryň 5-si — «Innowasion şäher», «Sanly bilim», «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar», «Ýörite ugur», «Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk» boýunça geçirilýän bäsleşige 130-dan gowrak iş hödürlenipdir. Ylmy taslamalary ýerine ýetirenleriň arasynda talyp ýaşlar bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň hem bardygy bellenmelidir.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Nesil».