Köýtendagyň täsinlikleri
Köýtendagyň özboluşly tebigy aýratynlyklary islendik jahankeşdäniň ünsüni özüne çekýär. Köýtendag ajaýyp tebigy künjekleri, täsin gowaklary, dag howasy bilen hemmelere lezzet paýlaýar. Häzirki wagtda onuň gowaklaryny we taryhyny öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Köýtendagda ýerleşýän Gap-gotan gowagy özboluşly gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde Ýer ýüzünde seýrek duş gelýän magdanlaryň, minerallaryň uly toplumlary bar. Gowakda diňe bir minerallar bolman, ol ýeriň klimaty hem üýtgeşikdir. Gap-gotanyň dürli pasyllarda hem adam saglygyna örän peýdaly howasy bardyr. Bu ýeriň howasyndan dem almaklyk birnäçe keselleriň öňüni alýar we bejergi geçirmek üçin hem diýseň peýdalydyr.