Haweran düzündäki mukaddeslik

9 Aprel 2021
2937

Ýurdumyzda düýpi öwrenilýän we aýratyn alada bilen gurşalýan binagärlik ýadygärlikleriniň biri bolan, XI — XIII — XIV asyrlar bilen senelenýän Mäne Baba kümmeti jahankeşdeleriň, taryhçylaryň, sungaty öwrenijileriň we zyýaratçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Bu ýadygärlik Haweran düzünde — Sarahs bilen Abiwerdiň aralygynda, has takygy, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň 7 kilometr günbatar — demirgazygynda ýerleşýär.

Mäne Baba kümmeti gurluş gözelligi we mazmun gymmatlylygy taýdan beýleki binagärlik ýadygärliklerden düýpli tapawutlanýar. Bu özboluşlylyk ýadygärligiň diňe bir gurluş çözgütlerinde däl-de, eýsem, bezeg işleriniň hil taýdan kämil we dürli-dürlüliginde-de ýüze çykýar. Ajaýyp ýadygärligiň girelgesindäki — peştagyndaky syrça bezegleri, ösümlik we geometrik şekiller, hatdatlyk sungatynyň nusgalary, içki diwarlardaky reňkli bezeg işleri, töweregi ýazgyly mazar daşy we ýadygärligiň toplumlaýyn bolmagy gaýtalanmaýan bitewi monumental sazlaşygy emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde dünýä meşhur şahsyýetiň — Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Abusagyt Abulhaýryň kümmetiniň bolmagy ýadygärligiň ýokary ähmiýetini kesgitleýär.

Ahmet HALMYRADOW,
«Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy.