Watanymyzyň ýüregi — paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň dabaraly toýunyň öňüsyrasynda onuň dünýäniň iň gözel we iň abadan şäherleriniň birine öwrülendigini nygtamak kalbymyzdaky buýsanç duýgularyny has-da artdyrýar. Aziýanyň merjen şäheri Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak meseleleriniň Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde durýandygy guwandyryjy hakykatdyr.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda kämil şäher düzümi kemala getirilýär, dünýäniň öňdebaryjy gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir.