Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Biz Berkarar döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýäris, parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasatyny alyp barýarys.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar hem-de ykrar edilýär. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna şaýatlyk edýär.