Owal-ahyr pederleriň ak arzuw bilen ýeteni,
Döwlet gurup, şu toprakda ak öýleň düýbün tutany,
Garaşsyzlyk şuglasyndan halkyň bagt daňy atany,
Asmany päk, sähralary gül bürenen läle-reýhan,
Türkmenistan —
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.
Sahawatly topragymyz Göroglynyň sežd edeni,
Ýagşyzada, erenleriň gadam urup, keşt edeni,
Baglarym bar bahar gelse, erem baga keşp edeni,
Dag-u-düzler çar pasylda ýaşyl öwsen bagy-bossan,
Türkmenistan —
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.