Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.\
Bedew batly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyz Türkmenistan bu gün bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Munuň aňrysynda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi ýatandyr.