Halkymyzyň owalahyr aňynaganyna, ruhuna siňen mukaddes ýörelgesi şeýle: ýol, köpri guran, bag ekip ýetişdiren ýada jemagatyň haýyrlanýan haýsydyr bir desgasyny bina eden adamyň haýyrsogapdan ýüki ýetik bolup, ilgün şol ýagşy ynsanlary hemişe ýagşylykda ýatlaýar, olaryň atlary nesilleriň hakydasynda ebedilik orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçiren giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky gol çeken Kararynyň örän möhüm ähmiýete eýedigi barada oýlananyňda, umumadamzat bähbitli şeýle sogaply, haýyr işleriň, belent tutumlaryň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzy müň mertebe alkyşlaýarsyň.
Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hemde ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hemde demir ýollarynyň ýakalaryny bagybossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz giň gerimli Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi adamlaryň saglygyny goramak hemde doly derejeli ýaşaýşy hemde dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek wezipelerinden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň dünýä derejeli forumlarda, şol sanda BMGniň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir. Bu başlangyçlar halkara bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolup, bilelikdäki ekologiýa taslamalarynyň hemde maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ähmiýetlidir. Häzirki döwürde dünýä bileleşigi ýurdumyzyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleleriň çözgüdine goşýan önjeýli goşandyny ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegi, ýersuw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny we Hazaryň biologiki köpdürlüligini gorap saklamak hemde başgada birnäçe meseleler bilen baglanyşyklydyr.