Bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk görülýär. Bu şanly senelere gabatlanyp, şu ýylda ýurdumyz boýunça 30 sany iri önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň ulanylmaga berilmegi mermer paýtagtymyzyň we sebitlerimiziň gözelligini has-da artdyrar.
Täze taryhy eýýamda mermer paýtagtymyz, gözel Aşgabat biziň her birimiziň iň söýgüli şäherimize öwrülip, gün-günden gülläp ösýär. Dünýäniň çar künjeginden gelen syýahatçylaryň, ozaly bilen ýurdumyzda bolýan bedew batly ösüş-özgerişlere, hususan-da, baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalara, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Onsoň milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan beýik işlerden we ösüş-özgerişlerden gülleýän, gül açýan, ata Watanymyz Türkmenistanyň mermer paýtagtynyň — aşyklar şäheri gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurdygyna buýsanjyň goşalanýar.