Söz sungatynyň deňsiz-taýsyz zergäri, ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragy barada gürrüň edilende näme üçindir ilki bilen Welmyrat aga meniň ýadyma düşýär. Welmyrat aganyň kimdigini bolsa eždatlarymyzyň mähir-yhlasy siňen keremli topragymyza göbek gany daman ynsana ýanjamagyň hajaty ýok. Hawa, «Nan atly, il pyýada» diýilýän galagoply we gowgaly döwürde ata-babalarymyzyň synmaz ruhuny baýdak edip, güzeran aýlamak üçin ýola çykan bu göwnaçyk, sada ýaşulyny kim tanamaýar? Bar mydary, gözüni dikip duran ýeke guba düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalşyp oturyberen bu sähraýy ýaşula «Edeniň bar bol-a, Welmyrat aga, aklyňa ne döw çaldy!» diýip seňrigini ýygryp biljek adamy bu garagöz ilden tapjak gümanyň ýokdur. Gaýta oňa her kesiň gözi gidýändir, onuň kibi Hakdan ýalkawly Magtymgulyly millete dahyllydygy üçin ykbalyndan müňde bir razydyr. Ýogsa näme, ol tüýs türkmeniň edäýjek, ýöne her kesiň (belki-de, hiç kişiň) başaryp bilmejek işini bitirip, nesilleriň hakydasynda özüne heýkel dikdi ahyry.
Sag bol, Welmyrat aga! Türkmeniň Magtymgula bolan ylahy söýgüsiniň, hikmetli hormat-sarpasynyň düýpsüz ummandygyny sen sadadan beýiklik bilen Aý dogan ýaly aýdyň äşgär etdiň. Goý, hemmeler bilsin! Magtymguly Pyragynyň goşgularyny türkmen rysgaldanam ýokarda goýýandyr. Onsoň biziň halkymyzyň neneň ruhy baý bolmasyn?!